Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe hüjümiň pidalary üçin öwez tölegini tölemekçi


Şu gün Türkiýäniň hökümeti geçen hepde ýurduň günorta-gündogar raýonynda, serhet ýakasynda ýalňyşlyk bilen geçirilen howa hüjüminde ölen 35 sany parahat ýaşaýjynyň hossarlaryna öwez töleginiň tölenjekdigini mälim etdi.

Geçen hepde Türkiýäniň harby uçarlary ýurduň Yrak bilen serhet ýakasynda ýaragy hüjümçilerdir öýdülip güman edilen adamlara garşy hüjüm geçirende, ýerli parahat ýaşaýjylardan 35-si bu hüjümiň pidasy bolupdy.

Premýer-ministr Rejep Taýýip Erdogan şol wakanyň yzy bilen ötünç sorap eden çykyşynda bu ölen adamlaryň serhediň üsti bilen haryt gaçakçylygy bilen meşgullanýan parahat ýaşaýjylar bolup çykandygyny mälim edipdi.
XS
SM
MD
LG