Sepleriň elýeterliligi

Wengriýada konstitusion üýtgetmelere protest bildirilýär


Şu gün Wengriýanyň paýtagty Budapeştde on müňlerçe protestçi parlamentde ýurduň dolandyryjy partiýasynyň Konstitusiýa girizen üýtgetmelerine protest bildirip, demonstrasiýa geçirdi.

1-nji ýanwardan güýje giren täze konstitusiýa Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbanyň ygtyýarlyklaryny ozalkylardan has artdyrýar. Mundan daşary, ol parlamentiň deputatlarynyň sanyny-da ozalkylardan görnetin azaldýar.

Oppozision protestçiler parlamentde agdyklyk ediji orny eýeleýän “Fidesz” partiýasyny ýurtda diktatorlyk režimini döretmeklige tarap hereket edýänlikde aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG