Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” Katarda özüniň ofisini açmak barada deslapky ylalaşyga gelnendigini aýdýar


Şu gün Owganystanyň “Talyban” güýçleri Katarda özleriniň “syýasy ofislerini” açmak barada deslapky ylalaşyklara gelnendigini mälim etdiler.

“Talybanyň” metbugat sekretary Zabihullah Mujahid bu baradaky beýanatynda ýurduň daşynda açyljak bu täze ofisiň “Talyban” güýçleriniň halkara jemgyýetçiligi bilen dialoga başlamagy üçin möhüm rol oýnajakdygyny belläpdir.

Şeýle hem, onuň beýanatynda häzirki wagt “Talybanyň” ofisini açmak barada Katar hem-de käbir “beýleki degişli taraplar” bilen deslapky ylalaşyga gelnendigi mälim edilýär.

“Talybanyň” Katarda ýörite edarasyny açmak baradaky ideýany Birleşen Ştatlar we käbir beýleki günbatar ýurtlary goldap gelýärler.
XS
SM
MD
LG