Sepleriň elýeterliligi

“Günbataryň ‘dostlary’, metbugat azatlygynyň duşmanlary”


Wenada ýerleşýän International Press Institute, ýagny Halkara metbugat instituty 2011-nji ýylda metbugat azatlygyna gysyş görkezen döwletleriň sanawyny çap etdi. 29-njy dekabrda çap bolan “Günbataryň ‘dostlary’, metbugat azatlygynyň duşmanlary” diýlip atlandyrylan bu sanawa 10 döwlet girýär. Olaryň biri-de Türkmenistan.

Jemi 10 ýurdy, şol sanda Türkmenistany hem öz içine alýan sanaw “Günbataryň ‘dostlary’, metbugat azatlygynyň duşmanlary” diýlip atlandyrylýar. Halkara metbugat instituty geçen ýyl metbugat azatlygyna berk gysyş görkezen ýurtlara, bir tarapdan, olaryň alyp barýan daşary syýasy gatnaşyklary, beýleki tarapdanam, içerki syýasy hereketleri nukdaýnazaryndan syn berýär.

Maglumat bermegiň maksady

Halkara metbugat institutynyň metbugat boýunça baş geňeşçisi Barbara Trionfiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, soňky maglumaty ýaýratmak arkaly gurama Günbatar döwletleriniň strategik ýaranlary bolan ýurtlarda metbugat azatlygy we ynsan hukuklary ýaly esasy demokratik gymmatlyklara hormat goýulmaýanlygyna ünsi çekmegi maksat edinýär.

Halkara metbugat institutynyň magumatynda aýdylyşyna görä, Türkmenistan ABŞ-nyň terroçylyga garşy göreşde formal taýdan ýaranydyr. Bu ýurt ABŞ-a Owganystana ynsanperwer kömegini we harby bolmadyk ýükleri aşyrmak üçin öz giňişliginden peýdalanmaga rugsat berýär. Halkara metbugat instituty ABŞ hut şeýle hyzmatdaşlyk esasynda we terrorçylygy ýok etmek ugrunda alyp barýan öz içerki syýasaty esasynda Türkmenistany “terroçylyga garşy göreşde” serhetdeş döwlet hökmünde atlandyrdy diýip, öz maglumatynda belleýär.

Barbara Trionfiniň sözlerine görä, Türkmenistanyň “Metbugat azatlygynyň duşmanlary” sanawyna girizilmegi ýurtda ähli habar serişdeleriniň doly döwlet gözegçiliginde saklanýanlygy, halkara habar serişdeleriniň bolsa çäklendirilýänligi bilen bagly. Türkmenistandaky ýagdaýa ünsi çekmek arkaly Halkara metbugat instituty ýurtda metbugat azatlygynyň ýagdaýyna aladalanma bildirýänligini hem mälim edýär.

Çäklendirmeler

Maglumatda 2011-nji ýylyň iýul aýynda Abadan şäherinde bolan heläkçilikli partlamalara Türkmenistanyň döwlet habar serişdeleriniň ýeterlik ähmiýet bermänligi nygtalýar, döwlet telewideniýesiniň bolsa Abadandaky partlamalary “uly bolmadyk senagat partlamasy” diýip häsiýetlendirendigi aýdylýar. Galyberse-de, garaşsyz çeşmeler bu heläkçilikde 200-den köp adam pidalarynyň bolandygyny habar berende, hökümet çeşmeleriniň ýitgileri diňe 15 adam diýip görkezmeginiň garaşsyz žurnalistleri we blogçylary hakykatyň üstüni açmak üçin internetden we sosial habar çeşmelerinden peýdalanmaly edendigi bellenilýär.

Institut Türkmenistanda žurnalistlere edilen basyşlar bilen bagly birnäçe wakalara ünsi çekdi. Maglumatda partlamadan soňky günlerde polisýanyň we howpsuzlyk güýçleriniň Abadandaky ýagdaýlar barada internetde maglumat ýerleşdiren bloggerleri, žurnalistleri gözlemek we olary saklamak işine baş goşanlygy, Azat Yewropa we Azatlyk Radosynyň žurnalisti Döwletmyrat Ýazgulyýewiň 14-nji iýulda polisiýa çagyrylanlygy, onuň sentýabr aýynda saklanyp, oktýabrda türme tussaglygyna höküm edilenligi, şeýle-de 11-nji noýabrda öňki žurnalist Annamämmet Mätiýewiň öýüne hüjüm edilip, onuň ýaşaýan jaýynda aýnalaryň daşlananlygy habar berildi.

Halkara metbugat instiuty Türkmenistanda garaşsyz habar serişdeleriniň ýokdugyna, internetiň çäklendirilýänligine we žurnalistleriň saklanyp, gorkuzylmagy bilen bagly wakalaryň dowam edýänligine ünsi çekdi.

Sanawa goşulan ýurtlaryň arasynda Azerbaýjan, Özbegistan we Gazagystan hem bar.
XS
SM
MD
LG