Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Täjigistan Pakistana elektrik energiýasyny bermekçi


Sişenbe güni tajik resmisi öz ýurdunyň elektrik energiýasyny Pakistana eksport etmek barada Yslamabatda gepleşikler geçirdi.

Täjigistanyň Pakistandaky ilçisi Zubaýdullo Zubaýdow Pakistanyň parlamentiniň ýokarky öýüniň başlygy Fahmida Mirzo bilen gepleşikler geçirdi. Olar “CASA 1000” atly proýekt barada gürrüň etdiler.

Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň elektrik energiýasyny Owganystana hem Pakistana geçirmek baradaky proýekti Aziýanyň ösüş banky we Dünýä banky goldaýar. Şol proýekt boýunça her ýylda 1000-1300 megawat elektrik energiýasyny eksport etmek göz öňünde tutulýar.

Zubaýdowyň sözlerine görä, Täjigistan Pakistana elektrik energiýasyny “CASA 1000” proýekti arkaly bermek isleýär. Mundan öňinçä Täjigistan proýektiň özüne degişli bölegini tamamlamaly.

Jemi bahasy 950 million amerikan dollaryna barabar bolan bu proýekt maliýe goldawyna mätäç. Şol puluň 251 milliony Täjigistanda elektrik liniýalary gurmak üçin zerur.
XS
SM
MD
LG