Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl bilen Palestinanyň wekilleri duşuşdylar


Sişenbe güni Iordaniýanyň paýtagty Ammanda Ysraýylyň premýer-ministriniň ýörite wekili Ishak Molho bilen Palestinanyň wekili Saeb Erekatyň arasynda gepleşik geçirildi.

Iki tarapyň arasynda bir ýyldan gowrak wagtdan soň geçirilen bu gepleşikler oňyn atmosferada geçdi. Olar dialogy dowam etdirmäge ylalaşdylar.

Palestinalylar Ysraýylyň Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky we gündogar Ieurasalimdäki gurluşyklaryny togtatmagyny talap edýärler.

Ysraýyl bolsa gepleşikleriň haýsydyr bir şert goýulmazdan başlanmagyny öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG