Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Sarkozi Assady “wagşyçylykly repressiýalarda” aýyplady


Sişenbe güni Fransiýanyň prezidenti Nikolýa Sarkozi Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady häkimiýetden çekilmäge çagyrdy we ony “wagşyçylykly repressiýalarda” aýyplady.

ABŞ hem Siriýa režiminiň Arap Ligasynyň ýurtda gandöküşligi bes etmek baradaky taýýarlan borçnamasyny ýerine ýetirmeýändigine alada bildirdi. Bu barada sişenbe güni Waşingtonda geçirilen brifingde Döwlet departamentiniň metbugat wekili Wiktoriýa Nuland aýtdy.

Sişenbe güni Siriýada goşundan gaçanlar bilen bolan atyşyklarda howpsuzlyk güýçleriniň 18 gullukçysy öldi.

Siriýada adam hukuklaryna gözegçilik edýän guramanyň maglumatyna görä, onlarça esger Jassam şäheriniň golaýyndaky harby bölümi terk edenden soň atyşyk başlanypdyr.

BMG-niň maglumatyna görä, prezident Başar al-Assadyň hökümetine garşy geçen ýylyň martyndan bäri dowam edýän protestlerde 5 müňden gowrak adam ölüpdir.
XS
SM
MD
LG