Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde ýol-hereket düzgünleri üýtgedildi


Swetoforlardaky we çatryklardaky hereket tertibine degişli täze düzgünler sürüjileriň arasynda diskussiýa döretdi.
Swetoforlardaky we çatryklardaky hereket tertibine degişli täze düzgünler sürüjileriň arasynda diskussiýa döretdi.

2012-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Orsýetde ýol hereketlerine degişli täze dügünler güýje girdi. Jerimeleriň mukdary ýokarlandy. Orsýetde girizilýän täze dügünler jemgyýetde adatça gapma-garşylykly kabul edilýär. Emma käte düzgünler ýagdaýy özgerdýär. Käte bolsa iş ýüzündäki ýagdaý düzgünleriň ýerine ýetirilişine öz täzirini ýetirýär.


2012-nji ýyl orsýetli maşyn sürüjiler üçin däze dügünler bilen başlandy. Bu düzgünler ýol hereketlerindäki bidüzgünçilikler üçin jerimeleriň mukdaryny ýokarlandyrýar.

Moskwada ýaşaýan 62 ýaşly harby pensioner Iwan täze jerimeleriň mukdaryny juda köp diýip, hasap edýär. Ulagy örän seresaply sürýändigini aýdan bu pensioner 20 ýylyň dowamynda özüne bir gezegem jerime salynmandygyny aýdýar. Emma ol täze jerime düzgünlerinden heder edýär we howatyrlanmalarynyň sebäbini düzgünleri ýerine ýetirmekdäki kynçylyklar bilen düşündirýär. Iwan ýol çyzyklaryny köplenç saýgaryp bolmaýanlygyny aýdyp, çatryklarda-da, ýol öwrümlerinde-de çyzyklaryň görünmeýändiginden zeýrenýär.

Täze ýyldan başlap, swetoforyň duşundaky çyzykdan geçen ýa onuň üstünde duran awtoulagyň sürüjisine 800 rubl, ýagny 25$ dollara barabar jerime jezasy berilýär. Şeýle düzgün bozma üçin mundan öň 300 rubl jerime salynmagy göz öňünde tutulan hem bolsa, bu düzgüniň berjaý edilişine sürüjiler-de, polisiýa-da üns bermeýärdi.

Moskwanyň köçelerinde gyşda gar we buz sebäpli, güýz we bahar aýlarynda bolsa palçyk sebäpli ýol çyzyklary köplenç görünmeýär. Çyzyklar könelip, täzesiniň çekilmeýän halatlary-da bolýar.

Polisiýa işgärleri şeýle ýagdaýda ýoluň gapdalynda ýerleşdirilen ýol belliklerinden peýdalanmalydygyny aýdýarlar. Moskwanyň ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýasynyň iri nokatlarynyň birinde nobatçylyk edýän uly leýtenant Aleksandr ýol çyzyklary görünmeýän bolsa, ýoluň gyrasynda bolsa bellik bolmasa, onda sürüjä jerime salynmaýanlygyny aýtdy.

Ýanwar aýynyň ilkinji günlerinde Moskwanyň adatça awtoulaglardan hyryn-dykyn köçeleri boş görünýär. Bu ýagdaý 10-njy ýanwara çenli tutuş ýurt boýunça yglan edilen resmi täze ýyl dynç alyş günleri bilen bagly.

Şu günler ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa hem seýrek duş gelýär. Muňa garamazdan, uly leýtenant Aleksandr täze düzgünleriň işe girizilmegi bilen sürüjileriň özlerini has tertipli alyp barýanlygyny we bu ýagdaýyň ilkinji nobatda swetoforlaryň deňindäki çyzykdan geçmezlik düzgüniniň berjaý edilişine degişlidigini belledi.

Diskussiýa döretdi

Şol bir wagtda-da, polisiýa işgäriniň sözlerine görä, ýurtda bol toý saçakly, şeraply we şagalaňly geçän baýramçylyklardan soňky günlerde sürüjiler mydama düzgüne has tertipli çemeleşýärler.

Swetoforlardaky we çatryklardaky hereket tertibine degişli täze düzgünler sürüjileriň arasynda diskussiýa döretdi. Köpleri aladalandyrýan esasy mesele Moskwadaky ýol hereketiniň petiklenme problemasy bilen bagly. Sebäbi gök reňkli swetoforda barýan maşynlaryň hereket haýallygy sebäpli, olaryň nä wagt durjagyny çak etmek kyn. Şeýle ýagdaýda ýuwaş gidip barýan maşynlar köplenç gyzyl yşyk ýananda ýoluň ortasynda galýarlar.

Täze düzgünlere görä, gyzyl yşykda geçen ulaga 30$-dan gowrak jerime salynýar. Çatrykda galan ulaga hem şonça.

Orsýetde kanunlarda göz öňünde tutulýan düzgünleriň iş ýüzünde berjaý edilişine gezek gelende, ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlarda sürüjileriň jezalandyrylmagy meselesi köplenç polisiýa işgärleriniň garamagynda bolýar.

Şu günki güne çenli ençeme sürüjiler polisiýa işgärlerine para berip sypanlaryny has gowy görýärler, sebabi bu adatça resmi jerimeden iki esse arzan düşýär. Ýol hereketine gözegçilik ugry bolsa Orsýetde iň köp para berilýän pudak bolup durýar. Käbir maglumatlara görä, tutuş ýurt bounça para bilen bagly wakalaryň 30% çemesi hut ýol gözegçiliginiň paýyna düşýär.

Soňky wagtda köçelerde kameralaryň sany hem köpeldi. Emma şol kameralar ilkinji nobatda ýol gatnawynyň tizligine degişli düzgünlere gözegçilik edýär.
XS
SM
MD
LG