Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žanaözende adatdan daşary ýagdaý uzaldyldy


Resmi Astana 16-njy dekabrda Gazagystanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy bellenilen günde Žanaözende turan bidüzgünçilikde 41 binanyň weýran edilendigini habar berdi.
Resmi Astana 16-njy dekabrda Gazagystanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy bellenilen günde Žanaözende turan bidüzgünçilikde 41 binanyň weýran edilendigini habar berdi.

Gazagystanyň prezidenti 4-nji ýanwarda ýörite karar bilen Gazagystanyň Žanaözen şäherinde 5-nji ýanwarda tamamlanmaly adatdan daşary ýagdaýyň möhletini 31-nji ýanwara çenli uzaltdy. Geçen ýylyň 16-njy dekabrynda Žanaözende dörän bidüzgünçiliklerde, resmi maglumata görä, 17 adam heläk bolup, 100-e golaýy ýaralandy. Gaçyp barýan protestçilere ok atan polisiýa işgärlerine garşy jenaýat işleri gozgaldy.


Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew Gazagystanyň “Adatdan daşary ýagdaýlar” baradaky kanunynyň 7-nji maddasynyň 3-nji bendine laýyklykda, 2011-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Žanaözen şäherinde adatdan daşary ýagdaýy girizmek barada kabul eden kararynyň möhletini 2012-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltdy.

Resmi Astana 16-njy dekabrda Gazagystanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy bellenilen günde Žanaözende turan bidüzgünçilikde 41 binanyň weýran edilendigini habar berdi. Olaryň arasynda Žanaözen şäheriniň häkimliginiň binasy, “Ozenmunaýgaz” kompaniýasynyň administratiw binasy, 29 kommersiýa desga, banklaryň filiallary hem iki sany ýaşaýyş jaý bar. Polisiýanyň gaçyp barýan protestçileri oka tutandygyny subut edýän wideoýazgy hem “YouTube” saýtynda peýda boldy.

Gazagystanyň oppozision “Azat” hereketiniň metbugat sekretary, syýasatçy Amiržan Kosanow Žanaözende adatdan daşary ýagdaýyň uzaldylmagyna birnäçe sebäbiň bardygyny aýdýar. Syýasatçynyň pikiriçe, olaryň birinji sebäbi “Žanaözendäki wakalaryň ýüze çykmagyna näme sebäp boldy?”, “Kim protestçileri oka tutmaga buýruk berdi?”, “Bu wakany kim gurnady?” diýen ýaly sowallara entek jogap tapylmazlygydyr:

—Häkimiýet başyndakylar ýüze çykan sowallara jogap tapylmasa, ýagadaýyň has ýaramazlaşjakdygyna doly düşünýärler. Şonuň üçin derňew işlerini ýaşryn alyp barmaga mümkinçilik döredýän adatdan daşary ýagdaýyň möhleti uzaldyldy.

Çäklendirmeler

Adatdan daşary ýagdaýyň girizilmegi bilen Žanaözen şäheriniň içinde erkin hereket etmek çäklendirilýär. Bu çäklendirme awtoulaglara hem degişli. Adamalaryň şahsyýetini anyklamak üçin geçirilýän barlaglar has berkidilýär. Žanaözen şäherine gelmek hem şäherden çykmak çäklendirilýär. Köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi, şol sanda mitingleriň, ýörişleriň we beýleki demonstrasiýalaryň geçirilmegi gadagan edilýär. Wideoýazgylary düşürip, sesleri ýazmak üçin ulanylýan tele hem radio enjamlaryň, nusga alýan kopiýa enjamlarynyň, sesi gataldýan enjamlaryň ulanylmagy çäklendirilýar ýa-da gadagan edilýär.

Gazagystanly syýasatçy, ýurduň ekologiýa boýunça jemgyýetçilik fondunyň prezidenti Musagali Duambekow adatdan daşary ýagdaýy uzaldyp, onsuz-da ynjalykdan gaçan halky mundan beýläk öjükdirmek zerurlygynyň ýokdugyny aýdýar:

—Adatdan daşary ýagdaý nämä gerek? Mysal üçin, ilat demonstrasiýa çykmasyn diýseler, bu zatlaryň hemmesi kanunda ýazylan. Häzir Žanaözende 10 müňe golaý omonçylaryň bardygy dogrusynda bize habar gowuşdy. Olar hiç kime gymyldamaga maý bermezler. Biz 21-nji asyrda ýaşaýarys ahyryn. Halkyň gözi açyk. Arap ýurtlaryndaky ýagdaýlary, Orsýetde bolýan protestleri görüp, hemme zada düşünip otyrys. Meniň pikirimçe, häzir halka garşy güýç ulanmaly däl, basyş görkezmeli däl. Ilatyň kynçylyklaryny çözüp, meseläni olaryň ýagdaýlaryna düşünjek bolup, çözmeli.

Dekabr aýynyň ahyrynda gazak intelligensiýasynyň inisiatiwa topary Žanaözendäki bidüzgünçiliklerde ejir çeken nebitçilere ýardam bermek maksady bilen ýörite gumanitar fond döretmegi planlaşdyrylýandygyny mälim etdi. Bu inisiatiwa toparyna režissýor Bolat Atabaýew, ýazyjy Sopy Smataýew, žurnalist Salamat Omaş we intelligensiýanyň beýleki wekilleri gatnaşýarlar.

Gazak resmileriniň berýän maglumatlarynda 16-njy dekabrda Žanaözen şäherinde bolan bidüzgünçilikde 17 adamynyň ölüp, 100-den gowrak adamynyň-da ýaralanandygy aýdyldy.
XS
SM
MD
LG