Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň daşary işler ministri Eýrana sapar edýär


Ahmet Dawutoglu özüniň eýranly kärdeşi Ali Akbar Salehi bilen Tähranyň ýadro programmasyny, Yrakdaky we Siriýadaky ýagdaýlary iki günlik konsultasiýalaryň dowamynda maslahat eder.

Ministrlik bu gepleşikleriň, adaty, her ýyl iki sapar geçirilýän duşuşyklaryň çäginde amala aşyrylýandygyny aýdýar.

Emma Dawutoglunyň sapary Eýran bilen Günbataryň arasynda Tähranyň ýadro programmasy ugrunda dartgynlylygyň ýitileşen döwrüne gabat geldi.

Türkiýe özüniň nebit harajatlarynyň 30%-ni Eýrandan alýar.
XS
SM
MD
LG