Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow prezidentlige dalaşgär hökmünde hasaba alyndy


Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde hasaba alyndy.

Berdimuhamedowyň kandidaturasy Demokrtaiýa partiýanyň, Kärdeşler arkalaşygynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar birleşiginiň, Uruş weteranlary guramasynyň we Türkmenistanyň Aýallar birleşiginiň geçen ýylyň 15-nji dekabrynda geçiren bilelikdäki maslahatynda hödürlenipdi.

Türkmenistanda prezidentlige dalaşgärleri hasaba almak çäresi 29-njy dekabrda başlandy.

Türkmenistanda prezidentlik saýlawlary 12-nji fewralda geçiriler.
XS
SM
MD
LG