Sepleriň elýeterliligi

Owganystandaky partlamalarda azyndan 11 adam öldi


Owganystanyň günortasynda amala aşyrylan üç partlamada azyndan 11 adam öldi, birnäçe adam ýaralandy.

Owgan resmileriniň maglumatyna görä, partlamalaryň ählisi Kandagar şäherinde amala aşyrylypdyr.

Partlamalaryň birinde, polisiýanyň barlag-gözegçilik nokadynyň golaýynda janyndan geçen bir hüjümçi özüni partladanda dört çaga we bir polisiýa ofiseri öldi.

Bu bomba hüjümleriniň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG