Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şu ýylyň ilkinji gary ýagdy


Aşgabada gar ýagdy. Ýerler durşuna gar bilen örtüldi. Tebigatyň bu eçilen sowgady ýerli ýaşaýjylaryň köpüsiniň kalbyny heýjana getirdi. Çagalaryň köpüsi säher turup, gar oýnadylar.




Gurbannazar Ezizow
Gurbannazar Ezizow












Ilkinji gar


Ýer nirde? Gök nirde? Bilip bolanok.
Baky ilkinji gar ýagýardy ýene.
Onuň ýerde dynnym ýaly kasty ýok,
Gyz ädimi bilen düşýärdi ýere.

Jaýlar, pyýadalar, awtobuslaram
Ilkinji gar üçin şadyýandylar.
Keýpihonlar näme, sussypeslerem
Bary şu gar bilen ýaşaýardylar.

Asman altyn açaryny aldyryp,
Gar däl, ýyldyz dökýän ýaly bu taýa,
…Paltosynyň ýakasyny galdyryp,
Ýigdekçe barýardy wadaly jaýa.

Ilkinji söýgüsi ýumşakdan-ýumşak
Ilkinji gar bolup inýärdi gökden.
Gar onuň ýoluna boljakdy düşek,
Ýöne düşeklige ýetişenokdy.

Ilki ýeriň, soň asmanyň zürýady
Geçip bilmän ýylylygyň deňinden,
Ilkinji gar pagyş-para erýärdi
Ýüzleň, elleň, ýeriň ýyly deminden.

Bu gar birinji däl, däldi müňünji,
Ol ýyllaň hasabyn undup ýagýardy.
Ol kimiň birinji, kimiň ýüzünji,
Kimiň bolsa, on ýedinji garydy!

Şu gar üçin göwünlermiz ynjaldy,
Geçenem, geljegem jem boldy bizde,
Dünýede hemme zat ilkinji boldy –
Garam, Bagtam, Gaýgy-hasrat, Hoş söz-de!

Maşynlaryň öl köçeden barşyny,
Beýik penjireleň akja perdesin.
Gögüň dynman elek eläp durşuny,
Bagşyň barmak basan şirwan perdesin,

Öňler müňläp kişi görenem bolsa,
Öň duýanam bolsa müňlerçe ýürek,
Olary hut ýaňy dörän mysaly,
Görüp bilmek gerek ilkinji gezek!

Aýlan sen, pyrlan sen bolmasyn ünjiň,
Gyz ädimi bilen düş ýere sary,
Öten ýyl ilkinji, bu ýyl ilkinji,
Soň ýene ilkinji müdimi garym!

***

please wait

No media source currently available

0:00 0:06:10 0:00
Ýükle



XS
SM
MD
LG