Sepleriň elýeterliligi

Wengriýa nirä barýar?


Budapeştde on müňlerçe protestçi demonstrasiýa geçirdýär, 2-nji ýanwar.

Budapeştde on müňlerçe protestçi demonstrasiýa geçirdýär, 2-nji ýanwar.

Sişenbe güni Wengriýanyň paýtagty Budapeştde on müňlerçe protestçi parlamentde ýurduň dolandyryjy partiýasynyň Konstitusiýa girizen üýtgetmelerine protest bildirip, demonstrasiýa geçirdi.

Budapeştiň köçelerine çykan on müňlerçe protestçi Wengriýanyň täze Konstitusiýasynyň ýurdy demokratik gymmatlyklardan yza dolap äkidýändigini aýdyp, bu ýagdaýa öz aladalaryny bildirdi.

Protestçileriň esasy tankydy premýer-ministr Wiktor Orbana gönükdirildi.

Protestçileriň esasy tankydy premýer-ministr Wiktor Orbana gönükdirildi.

Protestçileriň esasy tankydy premýer-ministr Wiktor Orbana gönükdirildi. Sebäbi ýakynda parlamentdäki orunlaryň üçden iki bölegine eýelik edýän onuň dolandyryjy “Fidesz” partiýasy öz agdyklyk ediji rolundan peýdalanyp, Konstitusiýa düýpli üýtgetmeleri girizdi.

Bu täze üýtgetmeler Wengriýanyň kanun goraýjy sistemasyny, merkezi bankyny we habar serişdelerini köp derejede hökümete has garaşly ýagdaýa saldy.

Premýere çagyryş edildi

Hepdäniň duşenbe güni agşamlyk hem premýer-ministr Wiktor Orbanyň dolandyryjy partiýasynyň wekilleriniň Budepeştiň opera teatrynda uly baýramçylyk çäresini geçirýän wagty protestçiler bu teatryň öňüne ýygnanyp, premýer-ministriň wezipesinden gitmegine çagyryş etdiler.

Protestçilerden biri, ýerli profsoýuz guramalaryndan biriniň lideri Kornel Arok Konstitusiýa girizilen üýtgetmeleriň we şoňa laýyklykda kabul edilen täze kanunlaryň Wengriýany bir partiýaly sistema tarap alyp barýandygyny aýtdy:

—Konstitusiýa bilen baglanyşykly esasy problema onuň indi konstitusion düzgünleri weýran edýänligindedir. Kabul edilen täze esasy kanun, hakykatda, bir partiýalylyk baradaky esasy kanun bolup durýar.

Wengriýada 1-nji ýanwardan güýje giren konstitusion üýtgetmeler ýurtdan daşarlarda-da berk tankyt astyna alyndy. Hususan-da, bu konstitusion üýtgetmeleri Wengriýanyň Günbatardaky partnýor ýurtlary tankyt etdiler.

Gulak asmady

Wiktor Orban

Wiktor Orban

Geçen ýylyň ahyrynda premýer-ministr Wiktor Orban Wengriýanyň garaşsyz Milli Bankynyň prezidentiniň ygtyýarlyklaryny kemeldip, onuň ygtyýarlyklarynyň köpüsini hökümet tarapyndan saýlanýan Maliýe Geňeşine bermekligi göz öňünde tutýan kanunyň proýektini parlamente hödürlände, Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso bu kanuny proýektiň yzyna alynmagyna çagyryş edipdi.

Emma premýer-ministr Wiktor Orban bu çagyryşa gulak asmady. Ol bu bankyň prezidentiniň orunbasarlaryny bellemek ygtyýarlyklaryny hökümete bermek barada kanunyň proýektini öňe sürende-de, bu barada Ýewropa Komissiýasynyň we Halkara pul gaznasynyň eden çagyryşlaryna gulak gabartmandy.

Mundan daşary, Wengriýanyň hökümeti ýurduň sudýalarynyň bir toparyny möhletinden öň pensiýa gitmäge mejbur edende-de, ol halkara jemgyýetçiliginiň tankytlaryny ret etdi.

Täze kanunçylyga görä, häzirki wagt ähli sudlaryň sudýalaryny Ýokary suduň sudýasy Tunde Handonyň bir özi belleýär. Ol bolsa, premýer-ministriň “Fidesz” partiýasyndan Ýewroparlamente wekilçilik edýän deputatyň aýaly.

Media kontrollygy

Wengriýanyň hökümeti özüniň Media Geňeşi atly hökümet organynyň ygtyýarlyklaryny artdyrmak bilenem, habar serişdeleriniň üstünden saklaýan kontrollygyny has güýçlendirdi.

Ýurtdaky media guramalarynda işleýän žurnalistleriň köpüsi indi hökümete degişli bolmadyk media guramalarynyň redaktorlarynyň-da premýer-ministr bilen baglanyşykly tankytlary azaltmagy talap edýändiklerini aýdyp, bu ýagdaýdan şikaýat edýärler.

Kanun goraýjy häkimiýetiň we medianyň üstünden hökümetiň öz kontrollygyny artdyryp gidip oturmagyna alada bildirip, geçen hepde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Wengriýanyň premýer-ministrine ýörite hat ýazyp, ony raýatlaryň azatlyklaryny hem-de dolandyryşyň deňagramlylygyny goramaklyga çagyrdy.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG