Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň häkimiýetleri “Kino öýüni” ýapdylar


Eýranyň häkimiýetleri garaşsyz “Kino öýüni” ýapdylar. Ol Eýranyň kino sungatyny 20 ýyllap wagyz edipdi.

Eýranyň medeniýet ministri Muhammet Huseýniň sözlerine görä, “Kino öýüniň” işiniň kanuny esaslary ýok eken.

Golaýda häkimiýetler “Kino öýüni” ýapmak bilen haýbat atanlarynda onuň işgärleri döwletiň her ýylda gurnaýan kinofestiwalyny boýkot etjekdiklerini yglan etdiler.

Olar “Kino öýüne” garşy kampaniýanyň syýasy matlaplarynyň bardygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG