Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlarynyň futbol topary GDA-nyň ýaryşyna gatnaşar


Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň futbol topary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşa gatnaşarlar.

Bu bäsleşik 19-29-njy ýanwar aralygynda Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherinde geçiriler we onda 12 topar bäsleşer.

Atylan bije boýunça Türkmenistanyň ýaşlar futbol komandasy “A” toparda 19-njy ýanwarda estoniýaly, 20-nji ýanwarda gazagystanly, 22-nji ýanwarda bolsa orsýetli futbolçylar bilen bäsleşer.

Bu ýaryşyň jemleýji oýny 29-njy ýanwarda geçiriler.

GDA-nyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşa ukraýinaly, moldowaly, gyrgyzystanly, latwiýaly, belarusly, eýranly, täjigistanly we litwaly futbolçylar hem gatnaşarlar.
XS
SM
MD
LG