Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýda gyrgyz raýaty ölüm jezasyna höküm edildi


Hytaýyň günbatarynda Gyrgyzystanyň raýatyna neşe söwdasy bilen bagly aýyplama ýöňkeldi we ol ölüm jezasyna höküm edildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugy habar berýär.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň Hytaýyň Sinjaň awtonom regionynyň paýtagty Urumçy şäherindäki wiza bölüminiň başlygy Azat Erkebaýew gyrgyz raýatyna berlen iň ýokary jezanyň haçan amala aşyryljakdygyny bilmeýändigini aýtdy.

Erkebaýew başga-da 15 gyrgyz raýatynyň Sinjaňdaky wagtlaýyn tussaghanada saklanýandygyny sözüne goşdy. Olardan 12 adama sud höküm çykardy we beýleki 3 adama garşy sud işi dowam edýär diýip, Erkebaýew Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, 200 müňe golaý etniki gyrgyz ýaşaýan Sinjaň regiony bilen Gyrgyzystanyň 1,500 çemesi kärhanasy biznes edýär.
XS
SM
MD
LG