Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Abadan şäheri partlamalardan ýarym ýyl soň


Suratlar: Abadan şäherinde, 2011-nji ýylyň 2-nji ýanwary.

Sowet döwründe gurlan 4-5 gatly ýaşaýyş jaýlary, jaýlaryň balkonlaryndan ýuwlup asylan egin-eşikler, köçelerden geçip barýan maşynlar, alyjysy ýetik dükanlar, duralgada 1 we 3 belgili marşrutlara garaşyp duran az sanly adamlar. Bu – Ahal welaýatynyň ozalky Büzmeýin, häzirki Abadan şäheriniň merkezi ýollarynyň biriniň şu günki durky.

Alty aý mundan ozal, 7-nji iýulda Abadanyň alkymynda, Güneş obasynyň golaýynda ýerleşýän ýarag ammarynda bolan partlama zerarly şäherde emele gelen weýrançylykdan, onuň ýaşaýyş we edara jaýlaryna ýetiren zýyanlaryndan bu günki gün o diýen kän alamatlar galmandyr diýse boljak.

Abadanyň merkezi raýony GRES-de ýerleşýän, sowet döwründen galan ýaşaýş jaýlarynyň partalamada weýran bolan penjireleri, mekdepleriň we dükanlaryň aýnalary çalşylypdyr. Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, şol abatlaýyş çäreleri hökümetiň we ýerli edaralaryň kömegi bilen amala aşyrylypdyr.

Abadan şäheriniň merkezi köçeleriniň ugrunda ýerleşýän binalaryň daşky durky, 7-nji iýulda bolan partlamadan soň, göýä söweşi başdan geçiren şäheriň jaýlaryna meňzeýärdi. Şäheriň alkymynda ýerleşýän harby ammarda bolan partlamanyň tolkuny esasanam ammaryň golaýynda ýerleşýän jaýlara zýyan ýetiripdi.

Partlama bolan harby ammarda öz-özünden detonirlenip atylýan snarýadlar käbir ýaşaýyş jaýlarynyň, kwartiralaryň içine düşüp, ýangyn döräpdi. Harby ammarlardan uçýan snarýadlaryň Abadanyň golaýyndaky käbir beýleki obalara hem düşenligi habar berildi. Käbir ýaşaýjylaryň emläkleriniň ýanyp, wakada adam ýitgileriniň bolanlygy hem aýdyldy.

Bu pajygaly wakadaky adam pidalarynyň sany resmi häkimiýetler tarapyndan 15 adam diýlip görkezildi. Resmi taýdan habar berilmese-de, wepat bolanlaryň maşgalalaryna 15 müň amerikan dollary möçberinde kompensasiýa tölenendigi barada resmi däl maglumatlar bar. Emma bu pajygaly wakanyň şaýatlarynyň aýtmaklaryna görä, pidalaryň sany resmi maglumatdakydan birnäçe esse köp.

Pajyganyň netijesinde GRES-de ýerleşýän 8-nji orta mekdebiň binasy dolulygyna ýandy. Mekdebiň golaýynda ýerleşýän Sport mekdebine hem zeper ýetdi. Bu iki bina GRES-iň aýak ujunda ýerleşýär. Tipli hususy jaýlardan ybarat bolan Güneş obasyndaky jaýlaryň üçekleri hem deşim-deşimdi. Käbir jaýlaryň diwarlarynyň ýumrulan ýerleri hem bardy.

Suratlar: Abadan şäherinde, 2010-njy ýylyň 10-njy iýuly.

Partlamadan soňra, resmi çeşmeler bu barada doly maglumat bermekden saklanan hem bolsalar, soňy bilen hökümet pajygaly wakadan zyýan çeken adamlaryň dadyna ýetişjekdigini, şäherde abatlaýyş işleriniň geçiriljekdigini habar berdi.

23-nji iýulda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şäherde adatdan daşary ýagdaýda edilmeli işleriň we görülmeli çäreleriň käbirleri barada karara we düzgünnamalara gol goýanlygy habar berildi. Karara laýyklykda, 2011-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, adatdan daşary ýagdaýlarda çekilen maddy zyýanyň möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygyň 100 müň manat möçberde bellenilenligi habar berildi.

Emma bu şäheriň dikeldiş işleri esasan ýaşaýyş jaýlarynyň penjirelerini çalyşmakdan hem-de has uly zeper ýeten binalary dikeltmekden ybarat ýaly bolup görünýär. Abadanlylar soňky 5 ýyldan bäri “Döwlet adam üçindir” diýen şygary özüne esasy ýörelge edinen hökümetden öz maddy ýitgileriniň öweziniň dolulygyna kompensirlenmegini isleýärler. Çünki olaryň bu ýitgileri tehnogen betbagtçylygyň netijesi hasaplanýar.

Abadan wakasyndan 2 aý geçensoň, 7-nji sentýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparynyň çäklerinde Abadan şäherine sapar etdi. Ol şäheriň täze medeni-durmuş maksady bilen gurlan jaý-bina toplumynyň gurluşygy boýunça taýýarlanan proýektler bilen tanyşdy. Adatdan daşary ýagdaýa uçran Abadan şäheri indi Ahal welaýatynyň iri administratiw merkezine öwrülmeli edildi.

Umuman aýdylanda, geçen alty aýyň dowamynda geçirilen abatlaýyş işleri, daşyndan göräýmäge, şäheri öňki durkuna getiripdir. Ýöne Abadanyň ýaşaýjylary heniz edilmeli işleriň köpdügini, esasanam şeýle pajygaly wakalaryň gaýtalanmazlygy üçin öňüni alyş çäreleriniň zerurdygyny aýdýarlar. Çünki Abadanyň GRES raýonynyň we Güneş obasynyň aýaguçlaryndan ýarag ammarlarynyň güberilişip ýatan tümmeklerine häzirem arkaýyn syn edip bolýar.

Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.
XS
SM
MD
LG