Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen itleri


Ýazgulyýew: "ata-babalarymyz iti hem edil aty ýaly ynsanyň wepaly ýoldaşy hasaplapdyrlar".
Ýazgulyýew: "ata-babalarymyz iti hem edil aty ýaly ynsanyň wepaly ýoldaşy hasaplapdyrlar".
Ata-babalarymyz türkmen itlerini sagdyn, berdaşly edip ýetişdirmek üçin mümkin bolan ähli işleri edipdirler. Ganjyklar ýala gelýän döwri gözegçilikde saklanyp, olar gan tarapdan garyndaşlygy bolmadyk sagdyn, berdaşly köpeklerden ýaldan çykarylypdyr. Her bir itiň haýsy tohum itdenligi belli ekeni. Aram-aram itleriň tohumyny täzelemek üçin dürli ýerlerde ýaşaýan adamlar ganjyk ýa köpek itleri özara çalşypdyrlar. Itler köplenç süýtden aýrylan iki-üç aýlyk güjükkä çalşylypdyr. Sebäbi güjükligine gelen it täze eýesiniň terbiýesini tiz alýar.

Tejribeli adamlarymyz, ýaşulylarymyz it tohumyny has sagdyn saklamak üçin ýala gelýän ganjyk iti berdaşly köpek-möjekden hem ýaldan çykarýar ekenler. Bu iş şeýle edilipdir… Ilki bilen köpek möjegiň sagdynlygyna, onuň garry däldigine göz ýetirmeli eken. Soňra-da itiň eýesiniň köpek möjegiň bolýan sürenini, gezýän ýerini takyk bilmegi zerur.

It eýesi, hasaplap, öz ganjygynyň ýala gelýän wagtyny biler eken. Ýala geljek güni eýesi öz itini möjegiň süreniniň töwereklerinde ýa-da köpek-möjegiň geljek, ys alyp biläýjek ýerinde gowşagrak ýüpde daňyp goýýar eken.

Möjegiň özüni alyp barşy, häsiýeti doly hasaba alynmadyk ýagdaýynda ýa ýalňyşlyk goýberilse, möjek ordasyna gabat gelip, ýaldan çykarylmaly ganjygyň dalanyp öldürilýän gezeklerem az bolmaýan ekeni. Säwlikden ganjygyň garaşylmadyk başga bir möjekden ýa itden ýaldan çykmagam bolup biljek zat ekeni. Sebäbi itler, şol sanda köpek-möjegem ýala gelýän ganjyklaryň ysyny iki-üç kilometrden alýar eken. Hut şonuň üçinem möjekden ýaldan çykaryljak bolunýan ganjyk iti daňmaly ýerinde, daňmaly wagty daňmasaň, şowsuzlyga uçralypdyr.

It eýesi, bolup biläýjek ýalňyşlygyň öňüni almak üçin, birki adam bilen güjügini ýaldan çykarmak üçin daňan ýerinden ok ýetäýjek aralykda tüpeňli gizlenip oturar ekenler. Birden göz öňünde tutulan köpek-möjek däl-de, başga bir it, näbelli möjek ýa möjek ordasy ganjyk ite golaýlaberse, olar “çagyrylmadyk myhmanlary” oka tutup, bolmasyz işiň ýa-da betbagtçylygyň öňüni alypdyrlar.

Tejribeli adamlarymyz, ýaşulylarymyz it tohumyny has sagdyn saklamak üçin ýala gelýän ganjyk iti berdaşly köpek-möjekden hem ýaldan çykarýar ekenler.
Tejribeli adamlarymyz, ýaşulylarymyz it tohumyny has sagdyn saklamak üçin ýala gelýän ganjyk iti berdaşly köpek-möjekden hem ýaldan çykarýar ekenler.


Ähli zat bolmalysy ýaly bolsa, onda göz öňünde tutulan köpek-möjek ýala gelýän ganjygyň ysyny alyp, ony ýaldan çykarypdyr. Eger it eýesine wepaly bolsa, möjekden ýaldan çykan ganjyk it yzyna dolanýar eken. Ýaşulularymyzyň gürrüň bermegine görä, möjek bilen argaşan ganjyk it möjek ordasyna goşulyp gidýär eken. Şeýle ýagdaýyň bolup biljegi öňünden nazarda tutulypdyr. Eýesi ganjyk itiniň köpek-möjek bilen ýaşaýan sürenini bilip goýupdyr. Soňra-da, öz ganjyk itiniň güjüklejek wagtyny hasaplap bilip, sürende köpek-möjegiň ýok wagtyny peýläp, güjüklänsoň gelägedin eýesi öz ganjyk itine ýal berip, onuň güjüklerini alyp gaýdar eken. Eger ganjyk it has ýabanylaşyp, öz güjüklerini bermejek bolsa, ol öldürilýär eken.

Bellemeli tarapy möjekden ýaldan çykan ganjykdan bir-ikiden köp güjük bolmaýar eken. Ol güjükler beýleki itlerden çydamlylygy bilen tapawutlanypdyr. Mäneli çopan Sapardurdy aganyň gürrüň bermegine görä, Türkmenistanda 1990-njy ýyllaryň ortalarynda ýurdumyzyň çempiony bolan mäneli Körgaplaň atly itiň ejesiniň ejesi “Laýka” atly türkmen ganjyk iti gös-göni möjek tohumyndan bolupdyr. Mäneli çopan Meretmuhammet aga “Gyrmyzy” diýlip at berlen ganjyk itini 1984-nji ýylda Mänäniň dag eteginde gezen läheň köpek möjekden ýaldan çykaranda, ak-sary reňkli täk ganjyk güjük bolup, şol güjüge “Laýka” diýipdirler. Şonuň üçin Türkmenistanyň çempiony bolan Körgaplaňa ene tarapdan möjek tohumy diýmäge doly esas bar.

Körgaplaňyň möjek tohumyndanlygyny aňladýan alamatlaram az däl ekeni. Ilkiler bu it urşanda özi ýa garşydaşy ýaralanyp, gözi gan görenden soň, has gowy uruşýar eken. Ol çydamlylygy bilenem beýleki itlerden saýlanypdyr.

Umuman, türkmenler öz itleriniň tohumynyň elmydam sagdyn hem berdaşly bolmagy üçin köne döwürlerden bäri seleksion işleri alyp barypdyrlar diýse bolar. Çünki ata-babalarymyz iti hem edil aty ýaly ynsanyň wepaly ýoldaşy hasaplapdyrlar.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG