Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň daşary işler ministri Eýrana sapara bardy


Şu gün Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu iki günlük sapar bilen Eýrana bardy.

Onuň Tähranda Eýranyň ýokary derejeli resmileri bilen geçirjek gepleşiklerinde bu ýurduň dawaly ýadro programmasy hem-de Siriýadaky tolgunyşyklar bilen baglanyşykly meseleler üns merkezinde bolar diýlip garaşylýar.

Ahmet Dawutoglunyň şu gün irden Eýranyň daşary işler ministri Ali-Akbar Salehi bilen geçiren gepleşiginden soň planlaşdyrylan metbugat konferensiýasy düşnüksiz sebäplere görä ýatyryldy.

Şu gün giçlik onuň prezident Mahmud Ahmedinejat bilen duşuşmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG