Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň ozalky premýerine garşy täze jenaýat işi gozgaldy


Şu gün Ysraýylyň habar serişdeleri ýurduň ozalky premýer-ministri Ehud Olmerte garşy korrupsiýa bilen baglanyşykly täze jenaýat işiniň gozgalandygyny habar berdiler.

Medianyň maglumatyna görä, bu jenaýat işi Ehud Olmerte Ierusalim şäheriniň meri bolup işlän ýyllarynda jaý gurluşyk proýektleri bilen baglanyşykly para alanlykda bildirilýän aýyplamalar boýunça gozgalypdyr.

Mundan öň hem Ehud Olmerte garşy korrupsiýada bildirilýän aýyplamalar boýunça derňew işleri alnyp barylýardy. Ol 2009-njy ýylda şu aýyplamalar sebäpli özüniň premýer-ministrlik wezipesinden çekilmäge mejbur bolupdy.
XS
SM
MD
LG