Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan seržanty Yrakdaky waka boýunça sud edilýär


Şu gün Birleşen Ştatlaryň San-Diego şäherinde amerikan armiýasynyň seržanty Frank Wuterihe Yrakdaky gyrgynçylyklar bilen baglanyşykly bildirilýän jenaýat aýyplamasy boýunça sud diňlenişigi başlandy.

Seržant Frank Wuterih 2005-nji ýylyň noýabrynda Yragyň Hadita şäherinde öz tabynlygyndaky esgerlere ýol gyrasyndaky birnäçe ýaşaýyş jaýyna hüjüm edip, ýaşaýjylary gyrmaklyga görkezme berenlikde aýyplanylýar.

Şol gürrüňi edilýän gyrgynçylykda 24 sany ýerli ýaşaýjy öldürilipdi.
XS
SM
MD
LG