Sepleriň elýeterliligi

Täjik prezidenti resmileriň ençemesini wezipesinden boşatdy


Şu gün Täjigistanyň prezidenti Emomoli Rahmon ýurduň ýokary derejeli resmileriniň ençemesini wezipesinden boşatdy.

Wezipelerinden boşadylan resmileriň hatarynda Täjigistanyň içeri işler ministri, adalaty ministri, Howpsuzlyk Geňeşiniň we prezident administrasiýasynyň ýolbaşçylary-da bar.

Şu gün ýurduň birnäçe oblastynyň we şäheriniň administrasiýasynyň ýolbaşçylary-da wezipelerinden boşadyldy.

Täjigistandaky bu kadrlar çalşyrylyşygynyň sebäpleri barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady.
XS
SM
MD
LG