Sepleriň elýeterliligi

Yrakdaky partlamalarda 50-den gowrak adam öldi


Şu gün Yragyň birnäçe ýerinde amala aşyrylan partlamalarda jemi 50-den gowrak adam ölüp, 100-den gowrak adam ýaralandy.

Partlamalardan biri Nasiriýah şäheriniň golaýynda, şaýy musulmanlarynyň dini zyýarat geçirýän ýerinde bir janyndan geçen hüjümçi tarapyndan amala aşyryldy. Bu partlamada azyndan 30 töweregi adam öldi.

Bu wakanyň fonunda şu gün Bagdat şäheriniň hem iki sany şaýy kwartalynda bomba partlamalary amala aşyryldy. Bu iki sany partlamada azyndan 23 adamyň ölendigi barada maglumat alyndy.

Bu partlamalaryň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç bir topar öz üstüne almady.
XS
SM
MD
LG