Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow prezidentlige dalaşgär hökmünde balkanlylar bilen duşuşdy


Çarşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynda iş saparynda bolup, käbir ýerli zähmet kollektiwleri bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň resmi habar agentligi Berdimuhamedowyň bu saparyny onuň geljekki prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde saýlawçylar bilen duşuşmak üçin gurnan sapary diýip häsiýetlendirýär.

Türkmenbaşy şäheriniň aeroportunda geçirilen iş maslahatynda prezident Berdimuhamedow hökümet agzalary hem-de ýerli resmiler bilen Balkan welaýatynyň senagat infrastrukturasyny ösdürmek baradaky 2012-2015-nji ýyllar boýunça programmasyna garady.

Bu programma laýyklykda, şu geljek dört ýylyň dowamynda Balkan welaýatynda 80 sany önümçilik kärhanasyny gurmaklyk we 7 müň 192 sany iş ornuny döretmeklik göz öňünde tutulýar.

Çarşenbe güni bu maslahatdan soň, Berdimuhamedow welaýatyň käbir zähmet kollektiwleriniň wekilleri bilen-de duşuşdy.
XS
SM
MD
LG