Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” ýesir çagalary erkinlige goýbermäge taýýar


“Talyban” geçen ýyl serhetde tutulan pakistanly 17 çagany erkinlige goýbermäge taýýar. Bu barada penşenbe güni Pakistanyň hökümet wekili aýtdy.

Geçen ýylyň sentýabrynda 20 çagadan ybarat topar Pakistanyň Bajaur welaýatyndaky jülgä gezelenje baranlarynda ýaramaz belgilenen serhetden geçdiler we Owganystanyň Kunar welaýatyndan çykdylar. Şonda olary “Talyban” ele salypdy.

Bajaur welaýatynyň häkiminiň sözlerine görä, çagalar Owganystandan ýakyn wagtda getiriler.

Pakistanyň hökümet wekili “Talybanyň” nähili şert bilen çagalary boşadýandygyny aýtmady.

Mundan öň üç çaga azatlyga goýberildi we Pakistana dolandy.
XS
SM
MD
LG