Sepleriň elýeterliligi

Eýran Günbatar bilen gepleşiklere taýýardygyny aýdýar


Eýran bilen günbatar döwletleri ýurduň ýadro programmasy barada gepleşiklere prinsipde taýýardyklaryny aýdýarlar. Bu barada Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu aýdýar.

Dawutoglu gepleşiklere täzeden başlamak baradaky Günbataryň teklibini Eýranyň häkimiýetlerine ýetirdi.

Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehiniň sözlerine görä, Tähran BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň bäş agzasy we Germaniýa bilen gepleşiklere täzeden başlamaga taýýar.

Gepleşikleriň wagty we geçiriljek ýeri indi yglan ediler. Eýran bu gepleşikleriň Türkiýede geçirilmegini isleýär.

Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu Eýrana iki günlik sapar etdi.
XS
SM
MD
LG