Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür prokurory Mubarek üçin ölüm jezasyny soraýar


Penşenbe güni Kairde öňki prezident Hosni Mubarege garşy geçirilen sud diňlenişiginde prokuror Mustafa Süleýman Mubaregi we öňki içeri işler ministri Habiba al-Adlini dardan asmak arkaly iň ýokary jeza höküm etmegi talap etdi.

Prokuror Mustafa Süleýman geçen ýylyň ýanwarynda we fewralynda proteste çykanlaryň oka tutulmagyny “bilkastlaýyn adam öldürmeler” diýip atlandyrdy. Ol öňki prezident Hosni Mubaregi “diýdimzor syýasat” ýöredenlikde aýyplady.

Geçen ýyl Müsürde proteste çykanlaryň ölümi bilen bagly suda Mubarek we al-Adli bilen birlikde öňki prezidentiň iki ogly Alaa we Gamal hem çekilýär.

Suduň nobatdaky diňlenişigi 9-njy ýanwarda geçiriler.
XS
SM
MD
LG