Sepleriň elýeterliligi

Obama ABŞ-nyň täze harby strategiýasy barada


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ýurduň Goranmak departamentiniň täze strategiýasy barada Pentagonda çykyş edýär, 5-nji ýanwar.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ýurduň Goranmak departamentiniň täze strategiýasy barada Pentagonda çykyş edýär, 5-nji ýanwar.

Penşenbe güni ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ýurduň Goranmak departamentiniň täze strategiýasy barada çykyş etdi.


Prezident Barak Obamanyň penşenbe güni yglan eden harby strategiýasy Birleşen Ştatlaryň harby kuwwatynyň ep-esli kemeldiljekdigini, şeýle hem onuň Yrakdaky we Owganystandaky söweş operasiýalaryndan kem-kem el çekjekdigini görkezýär. Ýöne, şol bir wagtyň özünde-de, täze strategiýa Hytaýyň güýçlenýän harby kuwwatyna üns bermekligi-de göz öňünde tutýar.

Penşenbe güni Pentagonda bu barada eden çykyşynda prezident Barak Obama täze strategiýanyň Birleşen Ştatlaryň harby kuwwatynyň güýjüni ýitirmezligi, şol bir wagtyň özünde-de döwletiň býujet kynçylyklaryny-da göz öňünde tutmaklygy maksat edinýändigini aýtdy:

—Men çaltlyk bilen özgerýän dünýäniň häzirki şertlerinde özümiziň strategik bähbitlerimizi aýdyňlaşdyrmak maksady bilen, goranmak meselesine düýpleýin täzeden garamaklygy teklip etdim... Biz bu meselede taryhyň sapaklaryny-da ýatlamalydyrys. Biz Ikinji Jahan urşundan we Wýetnam urşundan soňky bolan geçmişdäki ýalňyşlyklarymyzy gaýtalap bilmeris. Şol wakalarda biziň goşunymyz geljek üçin ýaramaz taýýarlykly ýagdaýda galdyrylypdy.

Barak Obama Amerikan goşunlarynyň Yrakdan çykarylyp, Owganystandan hem çekilip başlamak bilen, on ýyllyk urşuň sahypasyny agdarandygyny belledi. Şeýle hem, ol Goranmak departamentiniňem indi býujeti tygşytlamak ugrunda hökümet tarapyndan alnyp barylýan çärelerden çetde galyp bilmejekdigini aýtdy.

Ýöne geljek 10 ýylyň dowamynda Goranmak departamentine goýberilýän serişdeleri 450 milliard dollar bilen 1 trillion dollaryň aralygynda kemeltmegi göz öňünde tutýan bu täze programma häzirlikçe Goranmak departamentiniň anyk haýsy ugurlary boýunça serişdelerin çäklendiriljekdigini aýdyňlaşdyrmaýar. Bu mesele boýunça has anyk maglumatlar geljek aý Ak Tamyň 2013-nji ýyl boýunça býujeti baradaky planlarynyň taslamasy taýýarlananda yglan ediler diýlip garaşylýar.

Pentagonyň täze harby strategiýasy Hytaýyň harby kuwwatynyň gerim alýan regiony bolan Aziýa-Ýuwaş okeany regionyndaky hereketlerini has ýaýbaňlandyrmaklygy-da göz öňünde tutýar. Bu ugurdaky meýilleriň ilkinji alamatlary ýakynda, noýabr aýynda prezident Obamanyň demirgazyk Awstraliýada amerikan harby bölümlerini ýerleşdirmek baradaky öz planyny yglan etmegi bilen göze ilipdi.

Täze harby strategiýa barada penşenbe güni eden çykyşynda prezident Obama harby maksatlar üçin goýberilýän serişdeleri kemeltmekligiň ABŞ-nyň NATO berýän ýardamlaryna ýa-da onuň Ýakyn Gündogar boýunça alyp barýan “hüşgärlik” çärelerine täsir etmejekdigini nygtady.
XS
SM
MD
LG