Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan Täjigistana tebigy gaz bermegini bes etdi


Özbegistanly ekologlar Täjigistandaky TALKO zawodynyň daş-töwerege ýaýradýan zäherli maddalarynyň Özbegistanyň territoriýasyndaky ekologik ýagdaýy ýaramazlaşdyrýandygyny yzygiderli aýdyp gelýärler.

Özbegistanly ekologlar Täjigistandaky TALKO zawodynyň daş-töwerege ýaýradýan zäherli maddalarynyň Özbegistanyň territoriýasyndaky ekologik ýagdaýy ýaramazlaşdyrýandygyny yzygiderli aýdyp gelýärler.

Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň başlygy Döwlet Nazriýew 4-nji ýanwarda köp sanly žurnalistleriň gatnaşmagynda geçirilen brifingde Özbegistanyň, hiç hili resmi duýduryş bermezden, Täjigistana gaz satmagyny togtadandygyny habar berdi.

Resminiň sözlerine görä, 4-nji ýanwar güni irden Özbegistanyň Duşenbedäki ilçisi Şokosim Şoislamow degişli ministrlige çagyrylypdyr. Oňa prezident Imomali Rahmonyň Özbegistanyň prezidenti Islam Karimowa ýüzlenmesi tabşyrylypdyr. Ýüzlenmede şeýle diýilýär: “Täjigistan tarapy Özbegistan bilen uzak ýyllardan bäri saklanyp gelýän gowy goňşuçylyk prinsiplerine we döwletara hyzmatdaşlyga daýanyp, bu meseläniň ýakyn günlerde çözüljekdigine umyt edýär”.

Özbegistanyň Täjigistana tebigy gaz satmagyny togtadandygy baradaky habary “Täjiktransgaz” döwlet şirketiniň wekilleri hem tassykladylar. Edaranyň ykdysady bölüminin başlygy Huseýn Asrorow bu hakda: “Özbek ‘Uztransgaz’ şirketi öňünden hiç hili duýduryş bermezden, birtaraplaýyn kabul edilen kararyň esasynda 4-nji ýanwardan Täjigistana tebigy gaz bermegini togtatdy” diýdi.

“Jogapsyz galdy”

Asrorowyň sözlerine görä, “Täjiktransgaz” edarasy geçen ýylyň noýabrynda “Uztransgaz” şirketine ýollan resmi hatynda tebigy gazyň importy baradaky şertnama gol çekmegi sorapdyr. Ondan başga-da Täjigistanyň premýer-ministriniň orunbasary Murodali Alimerdanow hem özbegistanly kärdeşine şeýle mazmunda hat ýollapdyr.

“Emma gynansakda biziň haýyşymyz jogapsyz galdy” diýip, “Täjiktransgaz” şirketiniň resmisi Huseýn Asrorow aýtdy.

Şol bir wagtda-da “RIA Nowosti” habar agentligi Özbegistanyň premýer-ministriniň birinji orunbasary Rustam Azmowyň Täjigistana jogap hatynda “Özbegistanyň tebigy gazynyň esasy müşderisi hasaplanýan Orsýet we Hytaý bilen hem tebigy gaz satmak boýunça şertnama entek gol çekilmändigini we şol sebäpli-de Täjigistan bilen şertnama gol çekmek mümkinçiliginiň ýokdugyny” aýdandygyny ýazdy.

Azatlyk Radiosy bu mesele boýunça “Uztransgaz” şirketinden hem maglumat almaga synanyşdy. Emma netije bolmady.

2011-nji ýylda Täjigistan Özbegistan bilen 180 million kubometr tebigy gazyň importy boýunça şertnama gol çekipdi. “Täjiktransgaz” döwlet şirketiniň resmisi Huseýn Asrorowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ýylyň dowamynda tebigy gazyň 160 million kubometri import edilipdir.

Özbek gazynyň bahasy Täjigistan üçin bir ýylda iki gezek gymmatlady. “Uztransgaz” 2011-nji ýylyň noýabrynda Täjigistana satýan tebigy gazynyň her müň kubometriniň bahasyny 311 amerikan dollary derejesinde kesgitläpdi.

Alýumin zawody

Bir bellenmeli ýagdaý: Özbegistandan satyn alynýan tebigy gazyň esasy hyrydarlary TALKO alýumin zawody we “Täjiksement” zawodydyr.

Garaşsyz analitikler Özbegistanyň Täjigistana tebigy gaz satmagyny doly duruzmagyna TALKO zawodynyň töweregindäki howatyrlanmalaryň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

Özbegistanly ekologlar TALKO zawodynyň daş-töwerege ýaýradýan zäherli maddalarynyň Özbegistanyň territoriýasyndaky ekologik ýagdaýy ýaramazlaşdyrýandygyny yzygiderli aýdyp gelýärler. Hut şunuň bilen baglanyşykly geçen ýyllarda Surhanderýa welaýatynda regionyň ilatynyň gatnaşmagynda närazylyk aksiýalary geçirilipdi. Aksiýa gatnaşyjylar TALKO alýumin zawodynyň işiniň doly duruzylmagyny talap edipdiler.
XS
SM
MD
LG