Sepleriň elýeterliligi

Timoşenkonyň adamsy Çehiýadan gaçybatalga sorady


Şu gün Çehiýanyň daşary işler ministri Karel Şwarzenberg Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkonyň adamsynyň Çehiýadan syýasy gaçybatalga almak üçin Çehiýanyň hökümetine ýüz tutandygyny mälim etdi.

Çeh ministri Ýuliýa Timoşenkonyň adamsy Oleksandr Timoşenko Çehiýadan syýasy gaçybatalganyň berilmeginiň mümkindigini-de aýtdy.

Bu wakanyň fonunda bolsa, şu gün tussaglykdaky Ýuliýa Timoşenkonyň tarapdarlarynyň bir topary Harkow şäheriniň türmesiniň öňünde ony goldaýjy şygarlar bilen demonstrasiýa geçirdiler.

Timoşenkonyň tarapdarlary onuň türmede agyr şertlerde saklanýandygyny aýdyp, muňa nägileliklerini bildirýärler.
XS
SM
MD
LG