Sepleriň elýeterliligi

Gazak saýlawlary Žanaözende ‘geçirilip bilinmez’


Şu gün Gazagystanyň Konstitusion Geňeşi 15-nji ýanwara planlaşdyrylýan parlament saýlawlarynyň ýurduň Žanaözen şäherinde geçirilip bilinmejekdigi barada karar çykardy.

Konstitusion Geňeşiň başlygy Igor Rogow munuň sebäbini geçen aý ganly çaknyşyklar ýüze çykan bu şäherde henizem adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň dowam edýändigi we saýlawçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesiniň henizem kyndygy bilen düşündirdi.

Hut şu ýagdaý sebäplem, ol Konstitusion Geňeşiň bu şäherde parlament saýlawlaryny geçirmezligi karar edendigini aýtdy.

16-njy dekabrda Gazagystanyň şu Žanaözen şäherinde polisiýa güýçleriniň protestçilere garşy ýarag ulanmagy netijesinde azyndan 17 adam ölüpdi.
XS
SM
MD
LG