Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-da pakistanly Irfan ul-Haka dört ýyl iş kesildi


Penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň sudy asly pakistanly Irfan ul-Haky “Talyban” guramasynyň bir agzasyny Birleşen Ştatlara getirmek synanyşygynda günäli tapyp, ony dört ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Geçen ýylyň sentýabrynda 37 ýaşly Irfan ul-Hak özüniň ýene iki sany pakistanly watandaşy bilen bilelikde terror guramasynyň agzalaryna ýardam bermäge synanyşandyklaryny boýun alypdy.

Geçen aý Birleşen Ştatlaryň sudy bu işde aýyplanýanlardan beýleki ikisini hem türme tussaglygyna höküm edipdi. Olardan birine sud 3 ýyl, beýleki birine bolsa 3 ýyl 4 aý türme tussaglygyny beripdi.
XS
SM
MD
LG