Sepleriň elýeterliligi

Damaskdaky partlamada onlarça adamyň ölendigi aýdylýar


Şu gün Siriýanyň döwlet telewideniýesi paýtagt Damaskda janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran partlamasynda ençeme adamyň ölendigini habar berdi.

Döwlet telekanallaryndan biri ölenleriň sanyny azyndan 10 diýip görkezse, başga bir döwlet telekanaly ölenleriň sanynyň 25-e ýetendigini tassyklaýar.

Döwletiň resmi habar serişdeleri bu partlamanyň terrorçylar tarapyndan amala aşyrylandygyny öňe sürýärler.

Geçen aýyň ahyrynda-da Damaskyň merkezinde janyndan geçen iki hüjümçiniň içi partlaýyjy maddaly iki sany maşyny partlatmaklary netijesinde azyndan 44 adam ölüpdi.

Siriýanyň oppozision aktiwistleri bu partlamalary hökümetiň özüniň gurnaýandygyny aýdyp, bu wakalarda hökümeti aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG