Sepleriň elýeterliligi

Belarusda internetden peýdalanmaklyk çäklendirilýär


Belarusda edara-kärhanalara we döwlet institutlaryna internetden peýdalanmaklygy çäklendirýän täze kanun şu günden başlap güýje girdi.

Bu kanunyň iň bir dawa döreden düzgünlerinden birem onuň internet kafelerinde adamlaryň haýsy saýtlara we sahypalara girendigine gözegçilik etmekligi kanunlaşdyrýan düzgüni boldy.

Döwlet guramalarynda we edaralarynda girmekligi gadagan edilen 35 sany internet saýtynyň hatarynda käbir oppozision saýtlar-da bar.
XS
SM
MD
LG