Sepleriň elýeterliligi

Türkiýäniň ozalky baş komanduýuşisi tussag edildi


Şu gün Türkiýäniň harby güýçleriniň ozalky baş komanduýuşisi general Ilker Başbug suduň karary bilen, wagtlaýyn tussag astyna alyndy.

Türkiýäniň sudy general Ilker Başbuga häkimiýeti agdarmak synanyşygy bilen baglanyşykly bildirilýän aýyplamalar boýunça sud prosesi başlanýança, onuň tussaglykda saklanmagy barada karar çykardy.

Türkiýede 2007-nji ýylda başlanan giň gerimdäki jenaýat-derňew işlerinde häkimiýeti agdarmak synanyşygynda aýyplanylyp, ýüzlerçe adam tussag edildi. Olaryň arasynda ýokary derejeli ozalky harby ofiserler, alymlar, ýuristler we žurnalistler-de bar.

Türkiýäniň käbir oppozision toparlary ýurduň hökümetini bu jenaýat işlerini toslamakda we ony öz syýasy garşydaşlarynyň sesini sem etdirmek üçin ulanýanlykda aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG