Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak aýal-gyzlara ýol açmakçy


Bagdadyň professional ýokary okuw jaýlaryndan biriniň gyz studentleri. Bagdat, 2011.
Bagdadyň professional ýokary okuw jaýlaryndan biriniň gyz studentleri. Bagdat, 2011.

Yragyň hökümeti ministrliklerde köpräk zenanlaryň işlemegi üçin kwota sistemasyny girizdi. Ýöne, ýurtda aýal-gyzlar barada konserwatiw garaýyşlaryň ösýän wagtynda, bu sistemanyň durmuşa geçjekdigi ýa geçmejekdigi sorag döredýär.


Ýakynda, 5-nji dekabrda Yragyň Ministrler Kabinetiniň tassyklan bu kwota sistemasyna görä, saglyk we bilim sistemasynda işleýän raýat gullukçylarynyň 50 prosenti zenanlar bolmaly. Şonuň ýaly-da, beýleki ministrlikleriň hem raýat gullukçylarynyň 30 prosentiniň zenanlar bolmalydygy aýdylýar.

Yragyň zenanlar meselesi boýunça ministri Ibtihal al-Zaýdiniň sözlerine görä, bu meselede dul, ärinden aýrylyşan ýa-da maşgalalaryň ekleýjisi bolan zenanlara köp üns beriler.Täze kabul edilen kwota sistemasy boýunça Yragyň parlamentindäki deputatlaryň hem 25 prosenti zenanlar bolmaly.

Ynam uly däl

Umuman, kwota sistemasynyň, aglaba, işsiz zenanlara ýardam bolmagyna umyt edilýär. Emma, täze kwota sistemasynyň näderejede durmuşa geçjekdigi heniz anyk däl. Yrakdaky enan aktiwistleriň pikiriçe, islendik pudakda iş gözleýän zenanlar üçin päsgelçilik köp.

Aktiwist Nahiba Abdul Karimi bu inisiatiwanyň ýakyn wagtlarda durmuşa geçjekdigine ynanmaýandygyny mälim etdi: “Iş ýüzünde päsgelçilik köp. Men bu agzalýan prosentleriň durmuşa geçiriljekdigine ynanmaýaryn. Çünki, şol päsgelçilikler zenanlaryň ministrliklere işe kabul edilmegine böwet bolar. Belki, wagtyň geçmegi we şol päsgelçilikleriň ýok edilmegi bilen, olaryň durmuşa geçmegi mümkin”.

Bu gürrüňi edilýän päsgelçilikleriň biri-de Yrakda zenanlar barada konserwatiw garaýyşlaryň ösendigidir. Çünki, ýurduň syýasy durmuşynda yslamçy partiýalar uly rol oýnaýarlar.

Bagdadyň ýaşajysy Muntaha Saadyň sözlerine görä, iş ýerlerinde zenanlaryň kemsidilmegi durmuşda her gün diýen ýaly ýüzbe-ýüz bolunýan fakt.

“Işe girmek üçin arza berýän zenanlaryň arasynda öz bilimleriniň we iş tejribeleriniň talabalaýyk göz öňünde tutulmaýandygyndan hem-de karýeradaky ösüşlerine böwet bolunýandygyndan şikaýat edýänleri az däl. Ähli ministrlikde zenanlar jynsy taýdan kemsidilýärler. Baş direktorlyk ýa-da ýolbaşçylyk wezipelerine mynasyp, ukyply zenanlaryň karýerada ösmeklerine mümkinçilik berilmeýär” diýip, Muntaha Saad belledi.

Barlaglar nämäni görkezýär?

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Milli demokratik institut yň ýardam bermeginde geçen ýylyň fewral we mart aýlarynda Yrakda zenanlaryň roly barada ýörite pikir soralyşyk geçirildi. Şonda pikiri soralanlaryň 94 prosenti ýokary hünärli professionallaryň hatarynda aýal-gyzlaryň-da bolmalydygyny aýtsalar, olaryň 90 prosenti zenanlaryň saýlawlarda ses bermek hukuklaryny-da goldadylar.

Emma, aýallaryň hukugy bilen baglanyşykly käbir beýleki meselelere gezek gelende, pikiri soralan 2400 adamyň garaýşy kän bir öňyn bolmady. Olaryň bary-ýogy 40 prosenti zenanlaryň islän ýerine, islän wagty syýahata gitmeklerine rugsat etmelidigi bilen ylalaşdylar.

Şeýle-de, pikiri soralanlaryň diňe üçden bir bölegi zenanlaryň islän eşiklerini geýip bilmelidiklerini goldadylar.

Yrak üçin özüniň ýakyn döwürdäki geçmişi hem model bolup biler. Çünki, geçen asyryň 50-nji ýyllarynda Yrakda ähliumumy bilim üçin köp pul sarp edilipdi we Yrak zenan ministrli ilkinji arap ýurdy bolypdy. Şeýle-de, şol döwürde Yrak köp zenan mugallymasy, professory, lukmany we raýat gullukçysy bolan ýurt hökmünde tanalýardy.

Emma, soňky birnäçe onýyllyklarda Yrakda ýüze çykan syýasy we sosial problemalryň netijesinde köp professional zenanlar öz iş orunlaryny ýitirdiler ýa-da daşary ýurtlara emigrasiýa gitdiler. Indi Yrakda zenanlar üçin girizilen täze kwota sistemasy zenanlaryň öz iş orunlaryna dolanyp biljekdigi ýa-da bilmejekdigi bilen bagly ýagdaýy aýdyň görkezer.
XS
SM
MD
LG