Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Adam gaçakçylygynda aýyplanylýan kosowoly ABŞ-a ugradyldy


Halkara derejesinde adam gaçakçylygynda aýyplanylýan asly kosowoly Deme Nikki anna güni Albaniýadan Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edildi. Birleşen Ştatlaryň sudunda Deme Nikkä 28 sany jenaýat aýyplamasynyň bildirilmegi mümkin diýlip garaşylýar.

Oňa aýyplama bildirýän dokumentlerde Deme Nikkiniň adamlardan 12 müň ýewro möçberinde pul alyp, olary bikanun ýollar arkaly Birleşen Ştatlara eltmek bilen meşgullanandygy aýdylýar.

Maglumata görä, onuň amala aşyran adam gaçakçylygynda iki adamyň ölendigi hasaba alnypdyr. Deme Nikki geçen ýyl Kosowodan Albaniýanyň territoriýasyna girmekçi bolanda, tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG