Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Hosni Mubarege ölüm jezasynyň berilmegini islemeýär


Şu gün Orsýet Müsüriň ozalky awtoritar lideri Hosni Mubarege ölüm jezasynyň berilmek ähtimallygyna alada bildirýändigini mälim etdi.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň bu barada ýaýradan beýanatynda «Hosni Mubarege garşy görüljek çärede biz ynsanperwerlik meselesini hem göz öňünde tutup bolar diýip hasaplaýarys» diýlip bellenipdir.

Beýanatda Hosni Mubaregiň ýaşynyň hem-de onuň öz wezipesinden meýletinlik bilen çekilmeginiň günäni ýeňilleşdiriji faktorlar hökmünde göz öňünde tutulsa, ýerlikli boljakdygy öňe sürülýär.

Şu geçen hepde Kairde başlanan sud prosesinde Müsüriň baş prokurory Hosni Mubarege ölüm jezasynyň berilmelidigi baradaky teklipler bilen çykyş edipdi.
XS
SM
MD
LG