Sepleriň elýeterliligi

Eýran öz raýatlarynyň halas edilmegi üçin ABŞ-a minnetdar


Şu gün Eýranyň häkimiýetleri Somaliniň kenar ýakalaryna golaý ýerde deňiz garakçylary tarapyndan zamun alnan 13 sany eýranlynyň Amerikan deňiz güýçleri tarapyndan halas edilmegini hoşallyk bilen garşy aldylar.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ramin Mehmanparast bu barada eden çykyşynda «Eýranly deňizçileriň ABŞ-nyň güýçleri tarapyndan halas edilmegine biz ynsanperwerlikli we oňyn iş diýip baha berýäris» diýip belledi.

Birleşen Ştatlaryň harby güýçleriniň resmileri 45 gün mundan ozal deňiz garakçylary tarapyndan zamun alnan eýranly 13 sany balykçynyň hepdäniň penşenbe güni amerikan harby gämisiniň ýardamy bilen halas edilendigini mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG