Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prawoslaw hristianlar Isa Mesihiň doglan gününi belleýärler


Şu gün dünýäniň millionlarça prawoslaw hristianlary Isa Mesihiň doglan gününi, ýagny, Kristmas dini baýramçylygyny belleýärler.

Öten agşam Moskwada hristianlaryň esasy ybadathanasynda bu waka bagyşlanyp gurnalan dini ybadat çäresine müňlerçe hristianlaryň hatarynda prezident Dmitriý Medwedew hem öz aýaly bilen bilelikde gatnaşdy.

Ýulian kalendaryna eýerýän prawoslaw hristianlar her ýyl Isa pygamberiň doglan gününi 7-nji ýanwarda belleýärler. Grigorian kalendaryna eýerýän katolik we käbir beýleki hristan toparlary bolsa, bu baýramçylygy dekabryň ahyrynda belläp geçýärler.
XS
SM
MD
LG