Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Türkmengaz» kompaniýasynyň başlygy wezipesinden gitdi


Anna güni türkmen telewideniýesi hökümet maslahatynyň barşynda prezident G.Berdimuhamedowyň «Türkmengaz» döwlet kompaniýasynyň başlygy Amanaly Hanalyýewi wezipesinden boşadandygyny habar berdi.

Ýöne onuň wezipesinden boşadylmagyna nämäniň sebäp bolandygy barada häzirlikçe anyk maglumat alynmady.

Amanaly Hanalyýew «Türkmengaz» döwlet kompaniýasynyň başlygy wezipesinde bary-ýogy bir ýyla golaý wagt işläpdi. Prezident Berdimuhamedow häkimiýet başyna geleli bäri bu kompaniýanyň jemi üç başlygyny täzeledi.
XS
SM
MD
LG