Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda 2011-nji ýyl boýunça ýylyň jemi jemlendi


Anna güni Aşgabatda 2011-nji ýylyň jemlerine hem-de 2012-nji ýyldaky edilmeli işlere bagyşlanyp, ýörite hökümet maslahaty geçirildi.

Maslahatda giňeldilen doklad bilen çykyş eden prezident G.Berdimuhamedow 2011-nji ýylda ýurduň içerki önümçiliginiň ösüşiniň ozalky ýyl bilen deňeşdirilende 114.7 prosent ösüşi görkezer diýlip garaşylýandygyny aýtdy.

Mundan daşary, ol geçen ýylda inwestisiýalaryň 123.2 prosent, aýlyk haklarynyň möçberiniň bolsa 113.7 prosent ýokarlanandygyny belledi.

Prezident G.Berdimuhamedow 1-nji ýanwardan başlap Türkmenistanyň GDA Bileleşiginiň ýolbaşçylyk roluny ýerine ýetirip başlandygyny bellemek bilen, özüniň bu rolunda Türkmenistanyň planlaşdyrýan işleri barada-da durup geçdi.

Şeýle hem, öz çykyşynda Berdimuhamedow 2012-nji ýylyň dowamynda halk-hojalygynyň esasy ugurlary boýunça amala aşyrylmaly işler barada degişli pudak ýolbaşçylaryna görkezmeler berdi.
XS
SM
MD
LG