Sepleriň elýeterliligi

Nigeriýanyň prezidenti ganly hüjümlere alada bildirdi


Şu gün Nigeriýanyň prezidenti Gudlak Jonaton hristianlara garşy amala aşyrylan hüjümleriň yzy bilen, ýurduň ilatyny imisalalyga çagyryp, çykyş etdi.

Soňky günler Nigeriýanyň demirgazyk raýonynda hristianlary nyşana alyp amala aşyrylan hüjümlerde 30-dan gowrak adam öldi. Bu hüjümlerden käbirleri hristianlaryň keliselerini-de nyşana aldy.

Geçen hepde Nigeriýanyň «Boko Haram» atly ekstremistik hereketiniň agzalary musulmanlaryň agdyklyk edýän demirgazyk raýonyndan hristianlaryň çykmaklaryny talap edip, duýduryş ýaýratdylar.

Bu dini gurama Nigeriýada yslamyň şerigat düzgünlerini ornaşdyrmaklygy maksat edinýändigini aýdýar. Nigeriýanyň demirgazyk regionynyň ilaty aglaba musulmanlardan ybarat. Ýurduň günorta raýonlarynda hristianlar agdyklyk edýär.
XS
SM
MD
LG