Sepleriň elýeterliligi

«Blackwater» kompaniýasy öz pidalaryna kompensasiýa tölemekçi


Şu gün 2007-nji ýylda Bagdatda amala aşyrylan gyrgynçylykda aýyplanýan «Blackwater» kompaniýasynyň täze eýeleri bu bolan wakada ejir çekenler bilen sud arkaly özara barlyşyga gelnendigini mälim etdiler.

2007-nji ýylyň sentýabrynda düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän «Blackwater» gorag kompaniýasynyň işgärleriniň Bagdatda parahat ýaşaýjylara garşy atan okundan 17 adam ölüpdi. Olenleriň arasynda aýallar we çagalar-da bar.

Birleşen Ştatlaryň sudy bu bolan wakada «Blackwater» kompaniýasyny we onuň bäş sany işgärini günäli tapdy.

«Blackwater» kompaniýasynyň ornuna döredilen täze «Academi» kompaniýasynyň eýeleri şol gürrüňi edilýän hüjümde ýaradar bolanlara we ölenleriň maşgalalaryna degişli kompensasiýalaryň tölenjekdigini mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG