Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl internet garakçylaryna berk duýduryş berýär


Şu gün Ysraýylyň hökümeti ýakynda bu ýurduň bank müşderileriniň müňlerçesiniň kredit kartlary baradaky maglumatlary internete ýerleşdiren kompýuter garakçylaryna garşy berk çäreleri görjekdigi bilen duýduryş berdi.

Ysraýylyň daşary işler ministriniň orunbasary Danni Aýalon bu barada eden çykyşynda bu kompýuter hüjümini ýurduň özygtyýarlylygyna kast edýän terror operasiýasy bilen deňeşdirdi. Ol şeýle hüjümi amala aşyran adamlara garşy Ysraýylyň talabalaýyk jogap berjekdigini nygtady.

«Roýter» habar agentligi şu gürrüňi edilýän kompýuter garakçylygy netijesinde Ysraýylyň raýatlaryna degişli 25 müň töweregi kredit karty bilen baglanyşykly maglumatlaryň internetde peýda bolandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG