Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň prezidenti Latyn Amerika ýurtlaryna sapar edýär


Şu gün Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat Latyn Amerika ýurtlaryna bäş günlük sapara ugrady.

Saparyň öňýany Eýranyň habar serişdelerine beren interwýusynda prezident Ahmedinejat özüniň bu saparyny «Birleşen Ştatlaryň ezişlerine garşy durýan» we «anti-kolonial garaýyşly» ýurtlara gurnalýan sapar hökmünde häsiýetlendirdi.

Eýranyň prezidenti bäş günlük saparynyň dowamynda Wenesuelanyň prezidenti Hugo Çawez bilen gepleşik geçirmekligi, Nikaraguanyň prezidentligine ikilenji möhlete saýlanan Daniel Orteganyň inagurasiýa dabarasyna gatnaşmaklygy, şeýle hem Kuba we Ekwadora-da sapar etmekligi planlaşdyrýar.

Bu saparyň öňýany Birleşen Ştatlaryň hökümeti Latyn Amerika ýurtlaryny Eýran bilen hyzmatdaşlyklary berkitmezlige çagyrdy.
XS
SM
MD
LG