Sepleriň elýeterliligi

G.Berdimuhamedow ençeme çinownigi wezipesinden boşatdy


Anna güni geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow birnäçe kadr çalşyrylyşygyny amala aşyrdy.

Hususan-da, prezidentiň permany bilen Wiktor Zaýsew «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň baş redaktory wezipesine bellendi. Mundan daşary, «Türkmengaz» Döwlet konserniniň başlygy Amanaly Hanalyýew «işde goýberen kemçilikleri üçin» wezipesinden boşadylyp, onuň ornuna «Türkmen-nebitgaz-gurluşyk» Döwlet konserniniň başlygy Akmyrat Ýegeleýew bellendi.

Şeýle hem, prezidentiň permany bilen Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkimi Aşyrberdi Beçikow, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň häkimi Begmyrat Odebaýew, Lebap welaýatynyň «Atamyrat» etrabynyň häkimi Batyr Osmanow, Lebap welaýatynyň «Beýik Türkmenbaşy» etrabynyň häkimi Durdymyrat Akmyradow, şu welaýatyň Köýtendag etrabynyň häkimi Halnazar Taganow dagylar «özlerine ynanylan wezipäni talabalaýyk ýerine ýetirmändikleri üçin» wezipelerinden boşadyldy.
XS
SM
MD
LG