Sepleriň elýeterliligi

Çaknyşykda rus esgerleri we çeçen söweşijileri öldürildi


Ýekşenbe güni günorta-gündogar Çeçenistanda geçirilen harby operasiýanyň dowamynda üç sany harby gullukçy we üç söweşiji öldürildi.

“Interfaks” habar gullugy Çeçenistanyň kanun goraýjy organlaryna salgylanyp, Wedensk etrabynda bolan çaknyşykda kanun goraýjy organlaryň 16 işgäriniň ýaralanandygyny habar berdi.

“Interfaksyň” çeçen lideri Ramzan Kadyrowa salgylanyp ýazmagyna görä, Tazengala obasynyň golaýynda bikanun ýaragly toparlara garşy ýörite operasiýa geçirilipdir.

Kreml çeçen pitneçilerine garşy 1991-nji ýylda SSSR dargaly bäri göreş alyp barýar.
XS
SM
MD
LG