Sepleriň elýeterliligi

Arap ligasynyň ministrleri Siriýa has köp synçy iberilmegini isleýär


Arap ligasyna girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleri özleriniň Siriýada häzirkisinden köpräk synça we has kän garaşsyzlyga mätäçdiklerini aýtdylar.

Arap ligasynyň daşary işler ministrleri Kairde duşuşyp, bu guramanyň Siriýa iberen gözegçilik missiýasynyň eden işlerine baha berdiler.

Tankytçylar Siriýada 26-njy dekabrda işe başlan gözegçilik missiýasynyň siriýa režiminiň protestçilere garşy ulanýan zorluklaryny togtatmandygyny aýdýarlar.

BMG prezident Başar Al-Assadyň režimine garşy turan halk gozgalaňynyň dowamynda 5 müňden gowrak adamyň öldürilendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG